Türkmenistanda «Güýzüň mylaýym möwsümi» dowam edýär — bu ýyly howada rahat dynç alyş üçin iň amatly döwürdir. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gitmegi meýilleşdirýänler üçin biletleri onlaýn görnüşde satyn almak mümkinçiligi döredildi. Munuň üçin döwlet hyzmatlarynyň bir bitewi portaly bolan e.gov.tm ulanylýar.
Portalyň üsti bilen uçara, otla ýa-da awtobusa biletleri sargyt edip bolýar. Munuň üçin «Ulag, logistika we gümrük gullugy» bölümini saýlap, degişli ulag görnüşini we ugry görkezmek ýeterlikdir. Bu hyzmat syýahaty öňünden meýilleşdirmäge, biletleri nobatsyz we amatly görnüşde satyn almaga mümkinçilik berýär. Tölegler «Altyn Asyr» bank kartlary arkaly amala aşyrylyp, satyn alyşy has çalt we amatly edýär.
Portal e.gov.tm gije-gündiz elýeterli bolup, bu dynç alyşy meýilleşdirmekligi islendik syýahatçy üçin ýönekeý hem rahat edýär.
