Türkmenistanyň Mejlisiniň karary bilen Ahal we Daşoguz welaýatlarynda täze ilatly ýerler döredildi hem-de olara resmi atlar berildi. Resminama Mejlisiniň başlygy Dunýagözel Gulmanowa tarapyndan gol çekildi — diýip, TDH agentligi habar berýär.
Karara laýyklykda Ahal welaýatynda iki täze ilatly ýer oba derejesine eýe boldy. Ak bugdaý etrabynyň Öňaldy geňeşliginiň çäginde Döwletli mekan atly oba döredildi we bu oba şol geňeşligiň täze edara ediş merkezi hökmünde kesgitlenildi. Şeýle hem Kaka etrabynyň Gowşut geňeşliginiň çäginde Bagtly zamana atly oba döredildi we bu oba geňeşligiň edara ediş merkezi geçirildi.
Daşoguz welaýatynda bolsa Köneürgenç etrabynyň Täze ýol geňeşliginiň çäginde Bitaraplyk atly täze şäherçe döredildi. Şol bir wagtyň özünde Täze ýol geňeşligi ýatyrylyp, onuň düzümine girýän bäş oba – Täze ýol, Çilter, Gamyşlyoý, Garaşsyzlyk we Gazakýer – täze döredilen şäherçäniň dolandyryş tabynlygyna geçirildi.
Bu karar degişli welaýatlaryň häkimlikleriniň towakganamalaryna hem-de Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň teklipnamasyna laýyklykda ýurduň dolandyryş-çäk bölünişi baradaky milli kanunçylyga laýyklykda kabul edildi.
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligine welaýat häkimlikleri bilen bilelikde täze döredilen ilatly ýerleriň dolandyryş çäkleriniň ýazgysyny bellenen tertipde geçirmek tabşyryldy. Şeýle hem ýurduň dolandyryş-çäk birlikleriniň resmi Sanawyna degişli üýtgetmeler giriziler.
