2025-nji ýylyň ilkinji ýedi aýynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara haryt dolanyşygy 85,4% ýokarlandy. Bu barada Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Wafo Alibek Niýatbekzoda «Strategik hyzmatdaşlygyň ösüşi» atly makalada ýazdy. Makala Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygy mynasybetli «Neýtralnyý Turkmenistan” gazetinde çap edildi.
«Ykdysady ugurda iberilýän önümleriň görnüşleriniň giňelmegi bilen haryt dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy göze ilýär. Täjigistan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentliginiň maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň ilkinji 7 aýynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara söwda 85,4% ýokarlandy. Bu bolsa iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklaryň güýçlenýändigine şaýatlyk edýär» — diýip, makalada bellenilýär.
Ilçi iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň häzirki wagtda ähli hyzmatdaşlyk ugurlaryny öz içine alýan takmynan 138 resminamadan ybaratdygyny nygtady. Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1993-nji ýylda ýola goýuldy.
Diplomatyň bellemegine görä, strategik hyzmatdaşlygyň ösmeginde Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow aýratyn orun eýeleýärler.
Şu ýylyň awgust aýynda Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon iş sapary bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde ol deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça BMG-niň Üçünji maslahatyna gatnaşdy. Bu forum «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirildi.
Ilçi Täjigistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklara «ynanyşmagyň, dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň, şeýle hem syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary depgininiň» mahsusdygyny belledi.
Täjigistanda Garaşsyzlyk güni her ýyl 9-njy sentýabrda bellenilýär.
