Hökümetiň nobatdaky mejlisinde wise-premýer T.Atahallyýew ýurtda ýetişdirilen pagta hasylyny öz wagtynda ýygnap almak, pagta ýygymy möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ussat pagtaçy babadaýhanlaryň, tejribeli hünärmenleriň, alymlaryň we mehanizatorlaryň gatnaşmagynda tejribe maslahatlaryny geçirmegiň hem-de hormatly ýaşulularyň gatnaşmagynda pagta ýygymyna başlamagyň senesini belläp, oňa ak pata bermegini döwlet Baştutanyndan haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, oba hojalygynda örän möhüm we jogapkärli möwsüm bolan pagta ýygymynyň ýetip gelendigini aýtdy.
Döwlet Baştutany bu möhüm çäräni guramaçylykly geçirmek maksady bilen, ýurduň welaýatlarynda 10-njy sentýabrda pagta ýygymyna başlamaga ak pata berdi we hormatly ýaşululardan pagta ýygymyny “bismilla” bilen başlap bermeklerini haýyş etdi.
Türkmenistanyň Prezidenti edermen pagtaçylara, ähli oba hojalyk işgärlerine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Bu barada TDH ýazýar.
