Turkmenportal logo
06.09.25
4211442114
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Sinandali klassyky saz festiwalynda Türkmenistanyň milli saz sungatynyň güni geçiriler
Sinandali klassyky saz festiwalynda Türkmenistanyň milli saz sungatynyň güni geçiriler

4-nji sentýabrda Gruziýada klassyky saz boýunça 7-nji Sinandali festiwalynyň dabaraly açylyşy boldy. Oňa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň sazandalary hem gatnaşýarlar.


Türkmenistanyň DIM-iniň habar bermegine görä, 9-njy sentýabrda Sinandali festiwalynyň çäklerinde dünýä belli türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň saz eserleri ýerine ýetiriler, 13-nji sentýabrda bolsa festiwal tomaşaçylara Türkmenistanyň milli saz sungatyna bagyşlanan aýratyn bir güni sowgat eder.



Türkmen sazandalary festiwalyň ýüregi bolan hem-de Azerbaýjan, Ermenistan, Gruziýa, Özbegistan, Türkiýe hem-de Ukraina ýaly ýurtlaryň ýaş sazandalaryny birleşdirýän Pan-Kawkaz ýaşlar orkestriniň düzüminde çykyş edýärler.


Festiwalyň çäklerinde Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçisi D.Seýitmämmedow Gruziýanyň medeniýet ministri T.Ruhadze, festiwalyň Baş direktory D.Sakwarelidze, şeýle-de çäräni gurnaýjylar bilen duşuşdy. Diplomat halkara festiwalyň ynsanperwer, bilim we medeni ugurlarda geljekki ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk üçin täze mümkinçiliklerini açjakdygyna ynam bildirdi.