Şu ýylyň noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» atly halkara sergä Türkmenistanyň milli pawilýony bilen gatnaşmagy boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew hasabat berdi.
Bu iri möçberli sergä Türkmenistanyň oba hojalyk, azyk, dokma, plastik önümleri we beýleki eksport ugurly harytlary öndürýän, ulag, logistika, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmat işlerini amala aşyrýan telekeçileriniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanynyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, ýurduň dünýä döwletleri bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam edýän halkara sergilere yzygiderli gatnaşýandygyny belledi.
Döwlet Baştutany türkmen haryt öndürijileriniň Stambul şäherinde geçiriljek «Halal Expo 2025» halkara sergisine gatnaşmagy boýunça taýýarlanan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
