Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugynyň Çagalar awtoşäherçesinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly bir aýlygynyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň mekdep okuwçylary üçin amaly sapaklaryň tapgyry guraldy.
Gyzykly we öwreniş häsiýetli bu çärä 7–8-nji synpda okaýan 80-e golaý mekdep okuwçysy gatnaşdy.
Ýol gözegçiligi gullugynyň wekili okuwçylara ýol hereketine gatnaşýan şahs hökmünde olaryň borçlary, polisiýa we beýleki ýörite gulluklaryň awtoulaglary bilen duşuşanda nähili hereket etmelidigi barada düşündiriş berdi. Şeýle hem ýörite gulluklar tarapyndan ulanylýan ulaglaryň aýratynlyklaryna aýratyn üns berildi.
Okuwçylara signal enjamlarynyň nähili işleýändigi hem görkezildi we olaryň haýsy maksatlar üçin ulanylýandygy düşündirildi.
«Bu maňa diýseň ýarady! Esasan hem ýadymda galan zat — ýangyn söndüriji awtoulag boldy. Ol bize görkezilende haýran galdym! Ol şeýle uly we güýçli. Men hemişe ýangyn söndürijileri hakyky gahrymanlar hasaplaýardym, bu sapaklardan soň bolsa adamlara kömek etmek üçin ýangyn söndüriji bolmak islegim has-da güýçlendi» — diýip, Aşgabat şäheriniň 66-njy orta mekdebiniň okuwçysy Yslam Geldimyradow öz täsirleri bilen paýlaşdy.
Bu sapaklar birnäçe edaralaryň bilelikdäki hyzmatdaşlygynda guraldy: Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Aşgabat şäher baş bilim müdirligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy.
Çäräniň ahyrynda ähli gatnaşyjylara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy we okuwlarynda uly üstünlikler arzuw edildi.
