Şu gün Aşgabatdaky «Arçabil» myhmanhanasynyň mejlisler zalynda GDA ýurtlarynyň Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň ýolbaşçylarynyň, Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň we Halkara Gyzyl Haç komitetiniň wekilleriniň duşuşygy başlandy.

Duşuşyk Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýeti tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly – ynsanperwerlik we bitaraplyk» şygary bilen guraldy.
Çäräniň maksady GDA ýurtlarynyň agzalan düzümleriniň arasynda häzirki zaman ynsanperwerlik meseleleri boýunça alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmekden ybaratdyr.

Duşuşyga Azerbaýjanyň, Gazagystanyň (onlaýn), Gyrgyzystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ermenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetleriniň we Russiýanyň Gyzyl Haç jemgyýetiniň wekiliýetleri gatnaşdy.
Synçy hökmünde Kataryň Gyzyl Ýarymaý jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdy.

Çäräni Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň başlygy Maral Açilowa açdy.
«Bize möhüm mesele – sebitimizdäki ynsanperwer hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, üstünlikli tejribe alyşmak we özara gatnaşyklaryň täze usullaryny kesgitlemek babatda tagallalary birleşdirmek. Bu duşuşygyň çäginde bilelikdäki işleriň umumy ynsanperwer hereketimiziň ösmegine möhüm goşant goşjakdygyna ynanýaryn» diýip, M.Açilowa aýtdy.

Şeýle-de Halkara Gyzyl Haç we Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň federasiýasynyň prezidenti Keýt Forbs (onlaýn) we Halkara Gyzyl Haç Komitetiniň (HGHK) Merkezi Aziýadaky sebit wekiliýetiniň başlygy Bilýana Miloşewiç çykyş etdi.

Duşuşyga gatnaşyjylar halkara ynsanperwerlik hukugynyň, ynsanperwer diplomatiýanyň ösdürilmegine we Gyzyl Haç, Gyzyl Ýarymaý jemgyýetleriniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek meselesine aýratyn üns berdiler.
Her wekiliýet öz jemgyýetiniň işleri, durmuşa geçirýän maksatnamalary we taslamalary, ýüzbe-ýüz bolýan ynsanperwerlik meseleleri barada çykyş etdi. Duşuşyga gatnaşanlar şeýle hem döwlet edaralary bilen hyzmatdaşlygyň we utgaşdyrmagyň ösüşi, ynsanperwerlik çärelerini ösdürmekde meýletinçiligiň esasy orny barada maglumatlary paýlaşdylar.

Azerbaýjanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň baş sekretarynyň orunbasary Şaban Şaýew «Turkmenportalyň» habarçysyna beren interwýusynda:
«Çakylyk üçin Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetine tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýäris. Bu duşuşykdan garaşylýan zat jemgyýetleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribe alyşmak nukdaýnazaryndan ýakyn gatnaşyklary ösdürmekdir, ol bu jemgyýetleriň potensialyny we biziň döwrümiziň ynsanperwerlik meselelerini çözmekde ornuny hasam artdyrar» diýdi.
Ertir duşuşyga gatnaşyjylar ara alyp maslahatlaşmalary dowam etdirerler. Onda milli jemgyýetleriň netijeli işlerini ösdürmek, meýletinçilik hereketiniň mümkinçiliklerini güýçlendirmek ýaly meseleler öň hatarda bolar.
