Gurluşyk we hojalyk harytlaryny hödürleýän Ak Gaýa dükany öýüň daş-töweregini rahat, peýdaly we göze gelüwli görnüşde abadanlaşdyrmak üçin giň görnüşli önümlerini hödürleýär. Baglar, howlylar we dynç alyş zolaklary üçin harytlara bolan islegiň artýandygyny göz öňünde tutup, Ak Gaýa dükan dürli materiallar bilen birlikde bezeg düzüm böleklerini hem goşmak bilen önümleriniň görnüşlerini ep-esli giňeltdi.
Indi dükanyň müşderileri onda öýüň töwereginde rahat we owadan giňişlik döretmek üçin zerur zatlaryň hemmesini tapyp bilerler. Täzelenen abadançylyk harytlary bölüminde dürli görnüşli ýanýoda plitalary we daşdan edilen ýol örtükleri hödürlenýär, olar islendik stilde ýollary, meýdançalary we öýe girýän ýollaryny bezäp bilerler.

Mundan başga-da, dükanda açyk howada dynç almak üçin laýyk gelýän ajaýyp rahat oturgyçlar, stollar, kreslolar we şezlonglar ýaly bag mebelleriniň uly saýlawy hödürlenýär. Agşam çaglary maşgala ojagy üçin rahat gurşawy döretmek üçin Ak Gaýa dükany dürli ýagdaýlar üçin ulanyp bolýan çyralardan başlap bezeg çyralaryna çenli dürli görnüşli köçe yşyklandyryşyny hödürleýär.
Mundan başga-da, Ak Gaýa dükanynda daş-töweregiň arassa we owadan saklanmagy üçin zerur bolan enjamlar we gurallar teklip edilýär. Esasy isleg bildirilýän harytlaryň hatarynda kuwwatlylygy we görnüşleri dürli hili bolan ot gyryjylar, uzynlygy we diametri dürli hili bolan şlanglar, piller, dyrmyklar, bag gaýçylary we bagda abadanlaşdyryş işlerini geçirmek üçin zerur bolan beýleki amatly gurallaryň dürli görnüşleri bar.
Öýüň daş-töweregini abadanlaşdyrmak arzuwlaryňyzy Ak Gaýa dükany bilen hakykata öwürmegiň wagty geldi!
Ähli alyjylara 3 ýyllyk karz mümkinçilikleri hödürlenýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Aşgabat şäheri, G. Kulyýew köçesi (Obýezdnoý), jaý 40, Ak Gaýa binasy
Telefonlar: 59 57 57, 55 54 10, (+993 64) 66 44 88
Sosial ulgamdaky sahypasy.
