Paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Ýasmansalyk ýaşaýyş toplumynda №192 belgili täze çagalar bagy dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanyşa berildi. Bu mekdep ýaşyna çenli edara 320 çaga niýetlenendir. Çagalar bagy häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilip, halkara bilim ülňülerine doly laýyk gelýär.

Täze çagalar bagynda 16 topar hereket edýär, olar çagalaryň ýaş aýratynlyklary göz öňünde tutulyp gurnalandyr.

Çagalar bagynda häzirki zaman kompýuterler, daşary ýurt dillerini öwrenmek üçin lingafon otaglary, bedenterbiýe bilen meşgullanmak üçin sport zallary we zerur enjamlar, şeýle hem howuzlar bar.

Açylyş dabarasy ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we ýaşlar güni mynasybetli guraldy. Dabaraly çärä jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we etrabyň ýaşululary gatnaşdylar. Dabaranyň çäklerinde çagalar bagynda terbiýelenýän körpeleriň gatnaşmagynda konsert çykyşlary hem görkezildi.

Dabarada çykyş eden çagalar bagynyň müdiri Ogulmaral Meredowa çärä gatnaşyjylaryň we bu ýerde terbiýe alýan körpe nesliň adyndan türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de Türkmenistanyň Prezidentine ýurdumyzda çagalaryň döwrebap bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

