Şu gün görnükli türkmen ýazyjysy, şahyr, dramaturg Hemra Şirow 75 ýaş ýubileýini belleýär.
Hemra Şirowyň döredijiligi diňe Türkmenistanda däl, eýsem dünýäniň dürli ýurtlarynda hem giňden tanalýar. Onuň eserleri rus, pars, türk, tatar, owgan, ýapon, nemes, eston dillerine terjime edildi, onuň kitaplary bolsa dünýäniň köp ýurtlarynda neşir edildi.
Ol öz döredijilik ýoluna çagalar ýazyjysy hökmünde başlapdy: ýaş okyjylara bagyşlanan goşgulary birnäçe nesliň ýürek törüni eýeläpdi. Ýöne ol mydama özüni täzeçe beýan etmegiň ýoluny gözläp gelýär. Netijede, Hemra Şirowyň köpugurly ýazyjylyk zehini prozada, çeper terjimede, dramaturgiýada hem-de wizual şygyryýet žanrynda doly ýüze çykypdy.
Onuň ýerine ýetiren terjimeleriniň üsti bilen türkmen okyjysy ilkinji gezek Daniil Harmsyň, Eduard Uspenskiýniň, Tim Sobakiniň, Ýazep Osmanisiň, Andreý Usaçýowyň eserleriniň gahrymanlary bilen tanyş bolupdylar, onuň tagallalary bilen meşhur gahryman Robin Gud türkmen dilinde «gürläpdi».
Hemra Şirow tarapyndan ýazylan hekaýalar, powestler, romanlar türkmen edebiýatynda täze hasaplanýan romantiki fantaziýa we allegorik gysga hekaýa žanrlarynda döredildi.
1990-njy ýyllaryň başynda Hemra Şirow wizual poeziýa bilen gyzyklanyp başlaýar – bu bolsa onuň döredijiliginde aýratyn ugur hökmünde ösýär. Ýazyjynyň üýtgeşik goşgulary barada giňişleýin maglumatlary degişli çeşmelerden okap bilersiňiz.
Ol «Göroglunyň ýaşlygy», «Beset we Depegöz», «Jelaleddin», «Açlyk yglan eden», «Meýlis», «Öweý ene» ýaly sazly we dramatiki pýesalary; «Akpamyk we döwler», «Jadygöýiň agyryly dişi», «Gedem horazjyk», «Ölen döwüň dyrnagy», «Işýakmaz gurbaga» ýaly çagalar üçin sazly ertekileri döretdi. Onuň «Ruhdan düşmäň» atly pýesasy Eduard Bobrow tarapyndan rus diline terjime edilip, Moskwada aýratyn kitap görnüşinde neşir edildi.
2024-nji ýylyň başynda Hemra Şirowyň «Şygyr diwany» atly pýesasy Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň sahnasynda üstünlikli sahnalaşdyryldy.
Geçen ýyl Hemra Şirow Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglandy.
Biz ýazyjyny 75 ýaş ýubileýi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys we oňa berk jan saglyk, uzak ömür, ruhubelentlik, döredijiliginde täze gyzykly eserleri döretmegi arzuw edýäris!
Maral HYDYROWA
