Koreý kompaniýalary Türkmenistanda jemi 5 milliard amerikan dollaryndan gowrak dürli taslamany amala aşyrdy.
TDH-niň habar berşi ýaly, köp ýyllaryň dowamynda «Hyundai», «Daewoo» we «LG» ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen özara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplanyldy. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda Türkmenistanda dürli taslamalar, hususan-da, Balkan welaýatynda bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan gowrak bolan we ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde bahasy ABŞ-nyň 1 milliard 484 million dollaryndan gowrak bolan hem-de ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy kükürtden arassalaýan zawodyň taslamalary durmuşa geçirildi.
Şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda bahasy ABŞ-nyň 682 million dollaryna deň bolan we ýylda 350 müň tonna superfosfat hem-de 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny görkezmek bolar.
Geçen hepdäniň anna güni türkmen döwletiniň Baştutany bilen telefon arkaly söhbetdeşliginde Prezident Li Çže Mýon koreý kompaniýalaryna türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin Türkmenistanyň Prezidentine hoşallyk bildirdi.
Söhbetdeşlikde Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy aýratyn nygtady.
