Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň geçirilen mejlisinde Prezident Serdar Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler barada habar berdi.
Türkmenistanyň Prezidentiniň sözlerine görä, 1-nji sentýabrda ýurdumyzda Bilimler we talyp ýaşlar güni belleniler. Şol gün Aşgabatda Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti açylar, Mary şäherinde bolsa Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça okuw binasy ulanylmaga berler. Şeýle hem paýtagtda we welaýatlarda birnäçe mekdepler hem-de çagalar baglary açylyp ulanmaga berler – diýip, bu barada TDH habar berýär.
Türkmenistanyň Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy ýurduň ösüşi üçin möhüm waka hökmünde häsiýetlendirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa bu dabaraly açylyşa gatnaşmak haýyşy bilen ýüzlendi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti mejlise gatnaşanlary, bilim ulgamynyň işgärlerini we ýaşlary Bilimler we talyp ýaşlar güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
