Gyrgyzystanyň häkimiýetleri Ýeňiş dag belentliginde iki hepde bäri aýagy döwlen halda galan russiýaly daga münüji zenan Natalýa Nagowisanyň dereksiz ýitendigini resmi yglan etdi. Bu barada ýurduň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň metbugat kätibi Adil Çarygowa salgylanýan TASS habar berdi.
«Hawa, ol dereksiz ýiten diýlip ykrar edildi, sebäbi onuň diridigini ýa-da gurban bolandygyny resmi hasaba almagy hiç kim başaranok» diýip, Çarygow aýtdy.
Ýeňiş depesi Gyrgystanyň we Týan-Şan dagynyň iň ýokary nokady bolan Kakşaal-Too gerşindäki beýikligi 7439 metrlik belentlikdir. Ol örän howply hasaplanýar, henize çenli onda 80-den gowrak adam heläk boldy. Olaryň jesetlerini ol ýerden düşürmek başartmady.
