Arman Systems gündelik durmuşy ýeňilleşdirmek we dürli ugurlarda netijeliligi ýokarlandyrmak üçin döredilen awtomatlaşdyrylan gurluşlaryň giň görnüşlerini hödürleýär.
Seksiýaly derwezeler — Arman Systems brendiniň derwezeleri ýer tygşytlaýan akylly gurluşy bilen tapawutlanýar: olar dikligine ýokary galyp, tertipli ýagdaýda potologyň aşagynda ýerleşýär. Awtomatlaşdyrylan hereketlendirijiler derwezäni uzakdan dolandyrmaga mümkinçilik berýär — bu goşmaça zähmet talap etmeýär we gaty amatlydyr.
Awtomatiki markizler — Arman Systems brendiniň ajaýyp markizleri terrasalary, balkonlary, tomusky kafeleri we söwda meýdançalaryny rahat we mylaýym giňişlige öwürýär. Elektrik hereketlendirijisi matanyň dartgynlygyny aňsatlyk bilen sazlamaga we iň amatly kölegeli saýany döretmäge mümkinçilik berýär.
Awtomatiki pergolalar — bir düwmäni basmak bilen açylyp-ýapylyp bilýän örtügi bilen häzirki zaman çözgüdidir. Elektrik hereketlendirijisi el bilen dolandyrmagy aradan aýyrýar we ulanyşy has-da ýönekeýleşdirýär.
Awtomatiki usulda süýşürilýän gapylar — Arman Systems brendiniň gapylary elektrik hereketlendirijisi we hereketi ýa-da giriş dolandyryş ulgamynyň buýruklaryny tanap bilýän akylly sensor ulgamy arkaly amatly we gatnaşyksyz geçmegi üpjün edýär.
Has giňişleýin maglumatlary almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 60 30 33, 60 33 03.
Sosial ulgamdaky sahypasy.