Turkmenportal logo
28.08.25
4221342213
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Ýagşymyradow Anderson bilen boljak gaýtadan duşuşygyny «ykbala çagyryş» diýip atlandyrdy

Garyşyk başa-baş göreş (MMA) boýunça türkmen türgeni Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen gaýtadan duşuşygyna uzak wagtdan bäri garaşandygyny mälim etdi. Bu barada PFL-iň metbugat gullugy habar berýär.


«Men bu pursada ýyllar boýy garaşdym. Bu diňe bir gaýtadan duşuşyk däl — bu ykbala çagyryş. Bu gezek men göreş meýdançasyna dalaşgär hökmünde däl-de, eýsem çempion hökmünde girýärin» — diýip, Ýagşymyradow nygtady.


Duşuşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaýda (BAE) geçiriler. Iki türgeniň ilkinji duşuşygy 2021-nji ýylyň aprelinde Bellator 257 ýaryşynyň çäklerinde bolup geçdi, şonda Anderson üçünji raundda tehniki nokaut bilen ýeňiş gazanypdy.


Anderson 2025-nji ýylyň iýul aýynda PFL-iň Günorta Afrika Respublikasynda geçirilen ýaryşynda Russiýanyň türgeni Denis Golsowy ikinji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi. 35 ýaşyndaky amerikaly türgeniň hasabynda 19 ýeňiş, 6 ýeňliş we bir geçirilmedik diýlip hasaplanan duşuşyk bar.


Ýagşymyradowyň hasabynda bolsa 25 ýeňiş, 7 ýeňliş we bir deňlik bar. 2024-nji ýylyň noýabr aýynda ol PFL-iň ýarym agyr derejesinde Gran-pri ýaryşynyň çempiony boldy we finalda Impa Kasanganaý bilen duşuşyp, birinji raundda nokaut bilen ýeňiş gazandy.