Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň Adalatçysynyň edarasyna ýüz tutandan soňra zähmet haky bilen bagly algysyny aldy. Bu barada TDH-niň saýtynda çap edilen Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil – Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2024-nji ýylyň jemi boýunça maglumatynda mälim edildi.
Resminamada bellenilişine görä, Ahal welaýatynyň ýaşaýjysy Ş.G. 2022-2024-nji ýyllardaky zähmet hakynyň doly tölenmeýänligine nägilelik bildirip, Adalatçynyň Diwanyna ýüz tutdy. Sarahs etrabynyň Rysgally obasy A.Tekäýew adyndaky biokärhananyň işgäri bu meselede ýardam berilmegini sorady.
Degişli arza Adalatçynyň Diwanynda hasaba alnyp, «Adalatçy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň 18-nјi maddasynyň 1-nji böleginiň 2-nji bendine laýyklykda Ş.G.-nyň işleýän edarasyndan degişli resminamalar alynyp barlanylanda, onuň 2022 — 2024-nji ýyllardaky zähmet hakynyň doly tölenilmändigi anyklandy. Netijede Adalatçynyň ýüztutmasyna Ahal welaýat häkimligi tarapyndan seredilip Ş.G.-nyň şahsy plastik kartyna degişli töleg tabşyrygy esasynda 18028 we 38053 manat möçberdäki zähmet haky geçirildi.
Galan 13932 manadyň bolsa, 2024-nji ýylyň pagta hasylyndan alynjak girdejiden töleniljekdigi barada habar berildi.
Adalatçynyň Diwanyna ýazan minnetdarlyk hatynda işgär şikaýata garamagyň netijesinden kanagatlanýandygyny belläp, işine goýlan hormat we zähmet hakyny almakda görkezilen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi.
Maglumatda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 111-nji maddasynyň 1-nji bölegine laýyklykda, iş beriji özüniň maliýe ýagdaýyna garamazdan, zähmete hak tölemegiň bellenilen şertlerine we möhletlerine laýyklykda işgäre ýerine ýetiren işi üçin hak tölemäge borçludyr.
