Turkmenportal logo
27.08.25
3250832508
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabatdaky Ankara köçesiniň durky täzelener

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi paýtagtymyzda ýerleşýän Ankara köçesini durkuny täzelemek boýunça halkara tender yglan etdi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.


Gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we guramalaryň teklipleri bellenilen tertipde kabul edilýär. Resminamalary Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirligine tabşyrmak zerurdyr.


Arza tabşyrmagyň soňky möhleti — 2025-nji ýylyň 8-nji oktýabry. Resminamalar şu salgy boýunça kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 84-nji jaý.


Tender boýunça goşmaça maglumat almak isleýänler şu telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilerler: 44-46-77 we 44-46-64.