Apple kompaniýasy 2025-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Apple Park merkezi edarasynda täze tanyşdyryşyny geçirjekdigini resmi taýdan yglan etdi. Çäre «Awe dropping» şygary bilen geçer we Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlanar. Göni ýaýlym kompaniýanyň resmi web saýtynda elýeterli bolar.
«The Verge» neşiriniň habar bermegine görä, bu tanyşdyryşyň esasy wakasy täze iPhone 17 hatarynyň tanyşdyrylmagynyň bolmagy mümkindir. Täzelikleriň arasynda aýratyn ünsüňi çekýän model — 6,6 dýuým ekranly, inçe görnüşli iPhone Air bolup durýar.
Apple diňe bir smartfonlar bilen çäklenmän, eýsem Apple Intelligence atly emeli aň ekoulgamynyň ösüşi barada hem maglumat bermegi meýilleşdirýär. Hususan-da, Siri sesli kömekçiniň täze emeli aň mümkinçilikleri bilen baglanyşykly täzelenmeleri barada jikme-jik maglumatlaryň berilmegine garaşylýar.
«CNBC» neşiri Apple kompaniýasynyň sentýabr aýyndaky tanyşdyryşlarynyň däp boýunça diňe bir smartfonlary däl-de, eýsem täzelenen Apple Watch modellerini hem öz içine alýandygyny ýatladýar. Bu bolsa tomaşaçylaryň kompaniýanyň meşhur dakynylýan enjamlarynyň täze görnüşlerini görmeklerine mümkinçilik döredýär.
9-njy sentýabrda geçiriljek Apple tanyşdyryşy, esasan hem, çäräniň gyzykly şygary göz öňünde tutulanda, güýz paslynyň iň möhüm tehnologik wakalarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
