Turkmenportal logo
23.08.25
4395643956
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Belet giň gerimli täzelenmäni taýýarlaýar: sport we kino bir platformada birleşdiriler
Belet giň gerimli täzelenmäni taýýarlaýar: sport we kino bir platformada birleşdiriler

Belet platformasy soňky ýyllaryň iň uly täzelenmesi bolan 4.0 wersiýasynyň işe giriziljekdigini yglan etdi. Täzelenmäniň esasy aýratynlygy — sport ýaryşlarynyň göni ýaýlymlarynyň peýda bolmagydyr. Ulanyjylar UEFA-nyň Çempionlar ligasy, Premýer liga, La Liga, Bundesliga, şeýle hem UFC, Formula-1, hokkeý, tennis we basketbol ýaly sport ýaryşlaryny göni ýaýlymda tomaşa edip bilerler.


Indi sport we göwün açyjy gepleşikler bir ýerde elýeterli bolar: filmler, teleseriallar, aýdym-sazlar we göni ýaýlymlar bir platformada birleşdiriler.


Muňa ýazylmak ulgamy hem üýtgedilýär: öňki Standard nyrhnamasy saklanyp galar, täze Premium nyrhnamasy peýda bolar — bu sport ýaýlymlaryna elýeterlilik we 50 GB çenli giňeldilen offlaýn-ätiýaçlyk ýady öz içine alýar.


Belet telewizorlar üçin interfeýsini hem täzelär, bu bolsa ulanyjylara has aňsat dolandyryş mümkinçiliklerini berer. Programma diňe Android TV üçin däl-de, eýsem LG TV we Apple TV üçin hem elýeterli bolar. Mundan başga-da, içerki töleg ulgamy işe girizilýär: balansy doldurmak ýeterlik bolar, şondan soň ýazylyş awtomatiki ýagdaýda uzaldylar. Ulanyjylar islendik wagtda nyrhnamasyny togtadyp, täzeden başlap ýa-da üýtgedip bilerler.


Belet 4.0 wersiýasynyň ýakyn wagtda çykmagyna garaşylýar.