Turkmenportal logo
23.08.25
3690936909
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat, Daşkent we Baku howa gatnawlarynyň ösüşine goldaw bermek barada ylalaşdylar

Türkmenistan, Özbegistan we Azerbaýjan howa gatnawlarynyň, işewürligiň we syýahatçylygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine goldaw bermek barada ylalaşdylar.


TDH-niň habar berşi ýaly, bu barada «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da 22-nji aw­gus­tda türk­men hal­ky­nyň Mil­li Li­de­ri, Halk Mas­la­ha­ty­nyň Baş­ly­gy Gurbanguly Berdimuhamedowyň, Azer­baý­jan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Il­ham Ali­ýe­wiň we Öz­be­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Şaw­kat Mir­zi­ýo­ýe­wiň gatnaşmagynda geçirilen ýokary derejeli üç­ta­rap­la­ýyn du­şu­şygyň jemleri boýunça kabul edilen Bilelikdäki Beýannamada aýdylýar.


«Ta­rap­lar ýurt­la­ryň ara­syn­da ho­wa gat­naw­la­ry­ny, işe­wür­li­gi we sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni bel­le­di­ler. Mu­nuň özi ýük we ýo­lag­çy gat­naw­la­ry­ny art­dyr­ma­ga ýar­dam be­rer» diýlip, resminamada bellenilýär.