Merkezi Aziýada serhet dolandyryşyna ýardam bermek boýunça BOMKA 10 maksatnamasy Ýewropa Bileleşigi tarapyndan maliýeleşdirilip, Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugyna kinolog hyzmaty üçin ýöriteleşdirilen iki sany awtoulagy gowşurdy. Bu awtoulaglaryň umumy bahasy 205 130,44 ýewro bolup, 2025-nji ýylyň 20-nji awgustynda geçirilen dabarada gowşuryldy — diýip, bomca-eu.org saýtynda habar berilýär.
Awtoulaglar kinologlary we gulluk itlerini daşamak üçin niýetlenendir. Bu bolsa kinolog bölümleriniň hereket etmeginiň ykjamlygyny, çeýeligini we işleri netijeli alyp barmagyny ýokarlandyrar. Awtoulaglaryň biri Aşgabatdaky Merkezi kinolog merkezinde, ikinjisi bolsa Mary şäherindäki Seržantlary we hünärmenleri taýýarlamak mekdebiniň Atly-kinolog okuw merkezinde ulanylar.
Dabarada ÝB-niň Türkmenistandaky ilçisi Beata Peksanyň bellemegine görä, Ýewropa Bileleşigi bilen Türkmenistanyň arasynda serheti dolandyrmak boýunça uzak möhletli hyzmatdaşlyk bar. Ol BOMKA 10 maksatnamasynyň çäklerinde ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny nygtady.
Türkmenistanyň Kinolog gullugynyň başlygy Döwletmyrat Gurtlyýew berlen tehnikalar üçin minnetdarlyk bildirip, bu awtoulaglaryň ýurduň çägindäki kinolog bölümleriniň taýýarlyk derejesini ep-esli ýokarlandyrjakdygyny belledi. Ol sebitiň serhet we gümrük edaralarynyň kinolog hyzmatlaryny berkitmekde ýola goýlan hyzmatdaşlygyň netijeliligini aýratyn nygtap geçdi.
Bu kömek BOMKA maksatnamasynyň «Düzgün bozulmalary ýüze çykarmak ukybyny ýokarlandyrmak» atly düzüm böleginiň çäklerinde berildi. Munuň maksady bolsa hukuk goraýjy edaralaryň derňew işlerini goldamakdan ybaratdyr.
