Täze Aý hojalyk jemgyýeti 21–23-nji awgust aralygynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde (Çandybil köçesi, 143) geçirilýän halkara Kids Expo 2025 «Hemme zat çagalar üçin» atly sergi-ýarmarkasyna gatnaşýar.
Kompaniýa sergide konditer harytlarynyň we süýt önümleriniň giň görnüşini hödürleýär. Onuň diwarlygynda buz gaýmaga aýratyn üns berilýär, çünki ol serginiň ilkinji güni çagalara süýji sowgat hökmünde mugt paýlanýar. Şeýle çäre bu ýerde baýramçylyk gurşawyny emele getirýär we kiçijik myhmanlara Täze Aý önümleriniň tagamyny we hilini hut özleriniň synap görmeklerine mümkinçilik berýär.

Täze Aý kompaniýasynyň konditer we süýt önümleri Türkmenistanda giňden tanalýar we onuň harytlaryna halk tarapyndan ýokary baha berilýär. Sebäbi önümler hakyky tebigy goşundylaryndan taýýarlanylýar, tagamlaryň görnüşleri bolsa köpdürlüligi bilen tapawutlanýar. Kompaniýanyň azyk harytlarynyň önümçilik işinde häzirki zaman usullary ulanylýar.
Täze Aý kompaniýasynyň azyk bazarynda 20 ýyldan gowrak iş tejribesi bar. 2004-nji ýylda birnäçe iri kärhananyň birleşmeginiň netijesinde döredilen bu kompaniýa häzirki wagtda ýurduň azyk pudagynda öňdebaryjy orny eýeleýär.