Aşgabatda Türkmenistanyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň ýokary derejeli wekilleriniň arasynda ulag pudagynda hyzmatdaşlyk etmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin duşuşyk geçirildi – diýip, BAE-niň diplomatik wekilhanasynda habar berilýär.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ulag we aragatnaşyk meseleleri boýunça orunbasary Mämmethan Çakýew BAE-niň Türkmenistandaky ilçisi Ahmed Al-Hameli we «Etihad Rail» kompaniýasynyň wekiliýeti bilen duşuşdy. Duşuşykda Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow hem gatnaşdy.
Gepleşikleriň dowamynda ulag we logistika pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar iki ýurduň arasynda ulag baglanyşygyny ösdürmek üçin ikitaraplaýyn gyzyklanma döredýän meselelere garap geçdiler.
«Etihad Rail» kompaniýasy BAE-niň demir ýol ulgamynyň esasy operatory bolup, sebitde uly göwrümli ulag taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýar.
