Belet kompaniýasy 21–23-nji awgust aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Sergi merkezinde (Çandybil köçesi, 143) geçirilýän «Kids Expo 2025 – «Hemme zat çagalar üçin» atly halkara köpugurly sergi-ýarmarkasyna gatnaşmak bilen, çagalar we ulular üçin kino we multfilmleriň seslendirme (dublýaž) sungatynda özüni synap görmäge özboluşly mümkinçilik döredýär.
Ýörite sergi üçin Belet ses ýazgy studiýasy bilen enjamlaşdyrylan diwarlygyny taýýarlady. Bu ýerde çagalar we uly ýaşly myhmanlar seslendirme işine gönümel gatnaşyp, öz seslerini ekranda diňläp, ekranyň aňyrsyndaky döredijilik dünýäsi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik aldylar. Her bir gatnaşyjy özüni keşpleri seslendirýän hakyky aktýor hökmünde duýmak mümkinçiligine eýe bolýarlar.
Bu başlangyjyň esasy maksady — Türkmenistanyň ýaş neslini döredijilige, sungata we gyzykly bir ugra höweslendirmekdir. Bu ýerde esasy gurallar hökmünde türkmen dili, medeni miras we döredijilik aýratynlygy öňe sürülýär. Kompaniýanyň wekilleriniň pikiriçe, seslendirme bilen tanyşlyk diňe bir täze mümkinçilikleri açmak bilen çäklenmän, eýsem çagalaryň milli medeniýete bolan buýsanç duýgusyny hem ösdürmäge ýardam berýär.