Turkmenportal logo
20.08.25
1847518475
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanyň çempionatynda «Köpetdaga» garşy oýundaky «gaýçy» urgusy bilen geçirilen top «Aşgabat» klubyna ýeňiş getirdi

«Aşgabat» futbol kluby myhmançylykda «Köpetdagy» 1:0 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň çempionatynyň 18-nji tapgyrynda ýeňiş gazandy.


Duşuşyk sişenbe güni «Köpetdag» stadionynda geçirildi. Oýundaky ýeke-täk goly 62-nji minutda «Aşgabadyň» ýarym goragçysy Begmyrat Baýow täsirli gapdal «gaýçy» urgusy bilen saldy.


Bu üstünlikden soň «Aşgabat» 17 utuk bilen Ýokary liganyň ýaryş tertibinde 6-njy orunda ýerleşdi. «Köpetdag» bolsa 10 utuk bilen 8-nji ýerde barýar.


Tapgyryň beýleki duşuşyklarynda «Arkadag» myhmançylykda «Şagadam» bilen duşuşyp, ony 4:1 hasabynda ýeňdi, «Nebitçi» bolsa öz meýdançasynda «Merwi» 1:0 hasabynda ýeňdi.


18-nji tapgyryň iň soňky duşuşygy çarşenbe güni geçiriler: «Ahal» kluby «Altyn Asyry» «Nusaý» stadionynda kabul eder. Duşuşyk sagat 17:45-da başlar. Bu oýunda «Altyn Asyr» ýeňen halatynda, utuklar boýunça ol «Ahal» bilen deňleşer, ýöne soňky agzalan toparyň bir oýny ätiýaçlykda galýar.