Aşgabatda meşhur Ispaniýanyň Ramon Molvizar brendiniň ilkinji resmi butigi – ýöriteleşdirilen dükany açyldy. Bu brend özboluşly ys döretmek usuly we çüýşesiniň dizaýny bilen tanalýar. Dükanyň ýerleşýän ýeri — «Gül Zemin» söwda merkeziniň 1-nji gatynda, we ol Türkmenistanda bu brendiň franşizasy hökmünde çykyş edýär.
.jpeg)
Brendiň taryhy Ispaniýanyň Molvizar şäherçesinden başlanýar. Ýakymly atyr-müşkleri öndüriji Ramon Bežar ýerli dag kristallaryndan ylham alyp, sungaty, tebigaty we baýlygy birleşdirýän yslar toplumyny döretdi. Çüýşejikler dag kristalyndan elde ýasalýar, onuň içinde bolsa altynyň we platinanyň owunjak bölejikleri ýerleşdirilýär — bu bolsa her bir ysly suwuň özboluşlylygyny nygtaýar.

Ramon Molvizar brenidiniň kompozisiýalary seýrek duş gelýän goşundylardan döredilýär we birnäçe ýyl dowam edýän işlenilme prosesi bilen taýýarlanýar. Brend «Perfumes as Art» — «Parfýumeriýa sungat hökmünde» diýen filosofiýa eýerýär. Müşkleriň yslary köp gatly, täsirli we uzak dowam edýän täsiri bilen tapawutlanýar we olaryň her biri parfýumeriň duýgularyny we döredijilik gözýetimini şöhlelendirýär.
Butikde brendiň aşakdaky meşhur kompozisiýalary hödürlenýär:
- Musk Oriental Goldskin — Damask bägüliniň gülýapragynyň ýumşak we täsirli müşk ysy, çüýşejigiň içinde altynyň owunjak bölejikleri bar;
- Black Cube — temmäkiniň, sandal agajynyň we müşk ysynyň öwüşginleri bilen mertebeli gaýduwsyzlygyň nyşany bolup durýar;
- Art&Gold&Perfume — erigiň, karameliň we ud agajynyň ysy bilen baý we zenanlara niýetlenen kompozisiýa;
- Queen Goldskin — zenan güýjüne we mertebesine bagyşlanan ys;
- Monte Cristo — tropiki ananasyň we ud agajynyň ysy bilen täze we özüne çekiji ys;
- Red Isfahan — Kataryň şa maşgalasy üçin ýörite işlenip döredilen ys.

Bu ýerde Royal Molvizar hatary aýratyn orun eýeleýär — parfýumeriýany simfoniýa hökmünde düşündirýär, inçe duýgulary we ylhamy birleşdirýär.
Butigiň açylmagy bilen Ramon Molvizar brendiniň kolleksiýalary bilen tanyşmak üçin daşary ýurtlardan sargyt etmek zerurlygy aradan aýryldy — yslar resmi görnüşde we hakyky bahadan hödürlenýär.
Salgysy: «Gül Zemin» söwda merkezi, 1-nji gat.
Sosial ulgamdaky sahypasy
E-mail: maxatbm@yandex.ru