Turkmenportal logo
19.08.25
3286932869
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistanly ýaş suratkeş TÜRKSOÝ-yň bäsleşiginiň Gran-prisini gazandy

2025-nji ýylyň 14 – 18-nji awgusty aralygynda Gazagystan döwletiniň Aktau şäherinde «Türki dünýäsinde däp bolan çaga oýunlary» ady bilen Türki halklaryň suratkeşleriniň arasynda geçirilen bäsleşige Türkmenistan döwletimiziň çagalary işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp boldular.


Olardan I orna Mary welaýatynyň Mary şäheriniň çagalar çeperçilik mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Aşyrowa Bibinabat, II orna Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň Farap şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy Aýsel Semenderowa, III orna bolsa, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çagalar çeperçilik mekdebiniň uçrumy Wepa Geldimämmedow mynasyp boldular.