Änew şäheriniň Medeniýet öýünde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda Ahal welaýatynyň öňdebaryjy bilim işgärleriniň awgust maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Welaýat Baş bilim müdirligi tarapyndan guralan maslahata etrap bilim bölümleriniň ýolbaşçylarydyr degişli hünärmenleri, mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň müdirleri, öňdebaryjy bilim işgärleri, şeýle-de welaýat häkimliginiň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy.
Maslahatda welaýatyň bilim edaralarynyň 2024-2025-nji okuw ýylynyň netijelerine seljerme berildi, täze 2025-2026-nji okuw ýylynda öňde duran wezipeler kesgitlendi.
Maslahatyň ahyrynda geçen okuw ýylynyň dowamynda göreldeli zähmet çekip, ýokary netijeleri gazanan bilim işgärlerine welaýat Baş bilim müdirliginiň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.
Maslahatyň çäginde guralan okuw görkezme esbaplarydyr taslamalaryň sergisi hem uly gyzyklanma döretdi diýlip, habarda bellenilýär.
