Aşgabat şäherinde, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugynyň Jemgyýetçilik saglygy we iýmit merkezinde Türkmenistanda «Bitewi saglyk» çemeleşmesini durmuşa geçirmek boýunça Milli pudagara utgaşdyryjy komitetiniň üçünji duşuşygy geçirildi.
Duşuşyk BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt boýunça edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.
Duşuşyga gatnaşanlar ynsan saglygyny, janly-jandarlaryň saglygyny we daşky gurşawy goramak ýaly ugurlarda «Bitewi saglyk» çemeleşmesiniň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.
Bu duşuşyk 2025-nji ýylyň birinji ýarymynda degişli ugurda alnyp barlan işleri seljermek, maglumat alyşmak we utgaşdyrmak, şeýle-de mümkinçilikleri ýokarlandyrmak üçin wezipeleri kesgitlemek babatda özboluşly platforma boldy.
Taslamanyň her pudakdaky ösüşine giňişleýin baha bermek, esasy üstünlikleri, kynçylyklary we alnan sapaklary görkezmek ýaly meseleler duşuşygyň gün tertibinden orun aldy. Şeýle-de BSGG-niň metbugat beýanatynda aýdylmagyna görä, strategiki ileri tutulýan ugurlar ara alnyp maslahatlaşyldy we Türkmenistanyň geljekki pandemiýalara taýýarlyk we jogap beriş mehanizmlerini has-da güýçlendirmek üçin bilelikdäki çäreler teklip edildi.
Duşuşyga jemi 25-den gowrak milli düzümleriň, şol sanda Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Oba hojalyk ministrliginiň, Daşky gurşawy goramak ministrliginiň hem-de Adalat ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Oňa FAO ýaly halkara hyzmatdaşlaryň wekilleri hem gatnaşdylar we sebitdäki saglyk howpsuzlygy meselelerinde Türkmenistanyň ýolbaşçylygyny goldaýandyklaryny tassykladylar.
