Turkmenportal logo
15.08.25
3419734197
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
«Arkadag» we «Ahal» klublarynyň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy

Türkmenistanyň futbol klublary «Arkadag» we «Ahal» 2025-26-njy ýylyň möwsüminiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etjek garşydaşlarynyň haýsy klubyň boljakdygyny bije çekişligiň netijelerinden soň bildiler.


Üçünji bukjada seçilip goýlan «Arkadag» kluby «Al-Ahli» (Katar), «Andižan» (Özbegistan) we «Al-Haldiýa» (Bahreýn) toparlary bilen bilelikde «B» toparçasyna düşdi.


Dördünji bukjada seçilip goýlan «Ahal» bolsa «C» toparçasynda «Sepahan» (Eýran), «Al-Hüsseýn» (Iordaniýa) we «Mohun Bagan» (Hindistan) toparlary bilen bilelikde çykyş eder.


«Arkadag» AFK-nyň Çagyrış ligasynyň häzirki eýesi hökmünde ýaryşyň toparçalaýyn tapgyryna gönümel ýollanma aldy. Türkmenistanyň 2024-nji ýyldaky kubogynyň finalyna gatnaşan «Ahal» kluby ýaryşa deslapky tapgyrdan başlady we onda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» klubyny 2:1 hasaby bilen ýeňdi.


Jemi günbatar zolakda ýaryşyň 16 topary dört toparça bölündi, her toparçada dört klub bar. Toparçalaýyn tapgyr 16-17-nji sentýabrda başlanar, ahyrky altynjy tapgyr 23-24-nji dekabr aralygynda geçiriler. Her toparçada iň gowy iki topar pleý-off tapgyryna çykar.


«Günbatar» zolagynyň ähli toparçalarynyň düzümi:


  • A toparçasy: «Al-Wasl» (BAE), «Esteglýal» (Eýran), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Al-Wihdat» (Iordaniýa);
  • B toparçasy: «Al-Ahli» (Katar), «Andižan» (Özbegistan), «Arkadag» (Türkmenistan), «Al-Haldiýa» (Bahreýn);
  • C toparçasy: «Sepahan» (Eýran), «Al-Hüsseýn» (Iordaniýa), «Mohun Bagan» (Hindistan), «Ahal» (Türkmenistan);
  • D toparçasy: «Al-Nasr» (Saud Arabyстаны), «Al-Zawraa» (Yrak), «Istiklol» (Täjigistan), «Goa» (Hindistan).

1/8 finalynyň oýunlary 2026-njy ýylyň fewral aýynda, çärýek final oýunlary mart aýynda, ýarym final oýunlary bolsa aprel aýynda geçiriler. AFK-2 Çempionlar ligasynyň final oýny 2026-njy ýylyň 16-njy maýynda geçirilmegi meýilleşdirilýär.