Şu ýylyň güýzünde Saud Arabystanyň «Al-Nasr» futbol kluby, onuň düzüminde çykyş edýän meşhur portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu bilen bilelikde Türkmenistana gelmegi ahmaldyr. Bu ýagdaý, eger-de «Al-Nasr» kluby AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda Türkmenistanyň «Arkadag» ýa-da «Ahal» kluby bilen bir toparça düşen halatynda, mümkin bolup biler. Toparçalaýyn tapgyryň duşuşyklary 2025-nji ýylyň sentýabryndan dekabr aýyna çenli geçirilýär.
AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynyň bije çekişligi anna güni 15-nji awgustda geçiriler. Bu dabarany AFK-nyň YouTube kanaly arkaly göni ýaýlymda tomaşa edip bolar — ol Aşgabat wagty bilen sagat 12:00-da başlanýar.
Çarşenbe güni geçirilen AFK-2 Çempionlar ligasynyň öňki tapgyrlarynyň jemlerinden soň «Arkadag» we «Ahal» toparlarynyň mümkin bolan garşydaşlary belli boldy. Şolar bilen bir hatarda «Al-Nasr» kluby bilen duşuşmak mümkinçiligini hem aradan aýyrmak bolmaz. Ondan başga-da türkmen klublarynyň garşydaşlary «Al-Wasl» (BAE), «Al-Ahli» (Katar), «Esteglýal» (Eýran), «Andižan» (Özbegistan), «Al-Zawraa» (Yrak), «Al-Husseýn» (Iordaniýa), «Al-Muharrak» (Bahreýn), «Mohun Bagan» (Hindistan), «Istiklol» (Täjigistan), «Al-Wihdat» (Iordaniýa), «Al-Haldiya» (Bahreýn), «Goa» (Hindistan) klublary bolup biler.
Kriştianu Ronaldu Portugaliýanyň milli ýygyndysy bilen Ýewropanyň çempiony boldy we resmi duşuşyklarda dünýä futbolynyň taryhyndaky iň köp gol geçiren oýunçydyr. «Al-Nasr» klubyndan öň ol Portugaliýanyň «Sporting», Angliýanyň «Mançester Ýunaýted», Ispaniýanyň «Real» we Italiýanyň «Ýuwentus» klublarynda çykyş edipdi.
