Malaýziýanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Future Ed Services kompaniýasy bilen bilelikde we Education Malaysia döwlet guramasynyň goldaw bermegi bilen, 2025-nji ýylyň 13-nji awgustynda Ish Nokady kowerking merkezinde türkmen talyplary we olaryň ene-atalary üçin maglumat brifingini geçirdi — diýip, Turkmenportal Malaýziýanyň diplomatik wekilhanasynyň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.
Ilçihananyň berýän maglumatyna görä, 2025-nji okuw ýylynyň birinji ýarymynda 350 sany talybyň wiza almak babatda beren arzalary tassyklanyldy. Bu bolsa türkmen talyplarynyň Malaýziýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alyp başlamagyna mümkinçilik döredýär.
Çäräniň maksady — geljekki talyplary Malaýziýanyň taryhy, medeniýeti, däpleri we gündelik durmuşynyň amaly taraplary bilen tanyşdyrmak boldy. Çärä gatnaşanlar täze okuw gurşawyna uýgunlaşmak we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly aýratynlyklar barada giňişleýin maglumat aldylar.
Malaýziýanyň Türkmenistandaky ilçisi Mohd Suhaými bin Ahmad Tajuddin talyplary Malaýziýanyň okuw mekdeplerine üstünlikli kabul edilendikleri bilen gutlady. Ol Malaýziýanyň ýokary hilli we elýeterli bilim maksatnamalary bilen tanalýan bilim merkezi hökmünde abraýynyň bardygyny nygtady.
Brifingiň çäklerinde Malaýziýada bilim alan türkmen uçurymlary bilen duşuşyk geçirildi. Olar öz akademiki tejribeleri, bilim almakda bar bolan mümkinçilikler we medeni uýgunlaşma barada gürrüň berdiler.
Ilçihana Aşgabat bilen Kuala-Lumpuryň arasynda göni howa gatnawlarynyň bardygyny, şeýle hem wiza talap edilmeýän düzgünleriň bardygyny belläp geçdi, bu ýagdaýyň talyplaryň we olaryň maşgalalarynyň syýahatlaryny has-da ýeňilleşdirjekdigine şaýatlyk edýär.
Malaýziýanyň diplomatik wekilhanasy türkmen talyplaryny olaryň okaýan döwrüniň dowamynda doly goldamaga we iki ýurduň arasynda bilim ugry boýunça hyzmatdaşlygyny ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.
