Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky «Buýan» obasenagat toplumy buýan köküni ýygnaýan, önümçilige taýýarlaýan we gaýtadan işleýän hem-de önüm öndürip, eksport edýän kärhanadyr. Geçen ýyl Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän döwrebap kärhananyň işe girizilmegi bilen toplumyň işi has-da ilerläp, döwrebap önümçilik ýola goýuldy.
«Türkmen gündogary» gazetinde berilýän habara görä, häzirki döwürde Türkmenistanda bir ýylda 7 müň tonna buýan köki taýýarlanylýar. Glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň ýylyň dowamynda 4 müň 500 tonna buýan köküni gaýtadan işlemäge hem-de 390 tonna glisirrizin turşusyny öndürmäge mümkinçiligi bar. Öňler buýan köki çig mal hökmünde daşary ýurtlara eksport edilen bolsa, Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk kuwwatly kärhanada buýan köki düýpli gaýtadan işlenilip, arassalanylmadyk glisirrizin turşusy öndürilip başlanyldy.
2025-nji ýylyň geçen döwründe kärhanada gymmatly önümiň 28 tonnasy öndürildi. Geljekde önümçilik kuwwatynyň artdyrylmagy bilen bu görkezijileriň ýokarlanmagyna garaşylýar.
Mälim bolşy ýaly, glisirrizin turşusy saponin görnüşindäki çylşyrymly organiki birleşme bolup, buýan kökünde 23 göterime golaý duş gelýär. Ol senagatyň dürli ugurlarynyň 20-sinde, esasan-da, derman we azyk senagatynda has-da köp peýdalanylýar. Glisirriziniň arassa görnüşiniň süýjüligi şekerden 40 esse güýçlüdir.
Habarda bellenilişi ýaly, bu ýerde önümçilik Italiýanyň kämil enjamlarynyň tehnologik kuwwatyna daýanýar. Bu ýerde 3812,5 inedördül metr kök saklanylýan ammar meýdany bolup, 2 müň 500 tonna buýan köküni saklamaga, taýýar önüm ammary bolsa 200 tonna glisirrizin turşusyny saklamaga niýetlenilendir. Şeýle-de önümçilik maksatlary bilen kärhanada 20 tonna kükürt turşusyny, ammiak suwuny saklamak üçin ammarlar ýerleşýär.
