Turkmenportal logo
14.08.25
3176931769
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ähli welaýatlardan talyp bolmaga okuwa çagyrýar

Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan dalaşgärleri alty ugur boýunça 2 ýyllyk okuw maksatnamasy boýunça okamaga çagyrýar.


Resminamalaryň kabul edişligi 2025-nji ýylyň 18-nji awgustyna çenli dowam edýär.


Geljekki talyplar üçin teklip edilýän hünärler:


  • «Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş»;
  • «Buhgalterçilik hasaba alnyşy»;
  • «Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy»;
  • «Daşky gurşawy goramak we tebigy miras»;
  • «Myhmanhana hyzmatlary»;
  • «Syýahatçylyk hyzmatlary».

Dalaşgärler ýurdumyzyň ähli sebitlerinden kabul edilip, olar umumyýaşaýyş jaýy bilen üpjün ediler.


Resminamalar şu salgyda kabul edilýär: Aşgabat şäheri, Berkararlyk etraby, Mämmet Gurbanow köçesi (2105/5), j. 33.


Habarlaşmak üçin telefonlar: 76-75-15, 76-74-14, 76-75-05


Goşmaça maglumatlar syyahatohom.edu.tm resmi sahypasynda ýerleşdirilendir.