Türkmen halky bu haýwany itaýy diýip atlandyrýar. Dogrudanam, itaýy şekil taýdan kiçijik aýyjyga meňzeýär, ýöne ol samyrlar maşgalasyna degişlidir. Bu haýwan orta ölçegdäki, gysga aýakly, güýçli we berk dyrnaklydyr. Gysga we güýçli aýaklary onuň ýeri gowy gazmagyna mümkinçilik berýär, şeýle hem ol agaja-da çalasynlyk çykyp bilýär.
Ginnesiň rekordlar kitaby 1998–2003-nji ýyllar aralygyndaky neşirlerinde itaýa «dünýäniň iň gaýduwsyz süýdemdiriji haýwany» diýen derejäni berdi. Dogrudan-da, onuň göwresi kiçi bolsa-da, ol gaýduwsyzlygy we batyrlygy bilen tanalýar.
Tomus aýlarynda itaýy diňe gijelerine awa çykýar. Ýylyň beýleki möwsümlerinde oňa ir säher çagy, kämahal gyş aýlarynda gündiz hem duş gelmek bolýar.
Iýmit gözläp, ol 10–15 kilometr aralygy geçip bilýär. Itaýy — ýyrtyjy haýwandyr. Ol dürli mör-möjekleri, kirpileri, guşlary we olaryň ýumurtgalaryny, zäherli we zähersiz ýylanlary, süýrenijileri, mör-möjekleriň gurçuklaryny, içýanlary we beýleki kiçi jandarlary awlap iýýär. Käwagt ol özünden birnäçe esse uly haýwanlara hem hüjüm edip bilýär.
Şeýle hem ol ösümlik iýmitlerini — ir-iýmişleri, miweleri, kökleri we kökli miweleri iýýär. Balyň lezzetiňi bilip iýmegi gowy görýär, şonuň üçin oňa ýöne ýere rusça «medoýed», ýagny bal iýiji diýilmeýär.
Itaýy Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen haýwanlaryň seýrek görnüşidir we oňa aw etmek gadagandyr. Onuň sanynyň azlygy we ýaşaýan ýerleriniň çäkliligi sebäpli bu haýwana ýok bolmak howpy abanýar. Ol ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynyň berk goragy astynda saklanýar.
