Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Respublikadaky Balhaş kölüniň kenar ýakasynda gurulýan ilkinji atom elektrik stansiýasyna (AES) iň gowy at boýunça bäsleşik yglan etmegi teklip etdi. Ol bu barada halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş eden mekdep okuwçylaryna baýraklary gowşurýarka, söz açmak bilen, täze bekediň ýurduň ylmy-tehniki ösüşleriniň nyşanydygyny hem nygtady.
Sekizinji awgustda Balhaş kölüniň kenaryndaky Ulken ilatly ýerde atom elektrik stansiýasynyň taslamasy boýunça ilkinji işlere badalga berildi.
Bu barada «RIA Nowosti» ýazýar.
