Turkmenportal logo
12.08.25
2819528195
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan Hazar deňziniň halkara gününi belleýär

Türkmenistanda Hazar deňziniň halkara güni bellenilýär. 2006-njy ýylyň 12-nji awgustynda Hazaryň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly Konwensiýa güýje girdi. Bu taryhy resminama 2003-nji ýylyň noýabr aýynda bäş Hazarýaka döwletleriň: Azerbaýjanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň wekilleri tarapyndan Tähranda gol çekildi.


Hazar döwleti hökmünde Türkmenistanyň deňiz giňişliginiň ekologiýasyny gorap saklamagyň öz mehanizmleri bar. Ha­zar deň­zi­niň türk­men bö­le­gin­de de­giş­li mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň iş­le­ri­ni ut­gaş­dyr­mak, Mil­li Ha­zar me­ýil­na­ma­sy­nyň he­re­ket­le­ri­ni üs­tün­lik­li ama­la aşyr­mak mak­sa­dy bi­len, ýur­tda Ha­zar deň­zi­niň me­se­le­le­ri bo­ýun­ça Pu­da­ga­ra to­pa­r dö­re­dil­di. Hazar deňzi boýunça hereketleriň milli meýilnamasy hem kabul edildi we birnäçe kadalaşdyryjy resminamalar girizildi.


Şu gün Türkmenistanda «Hazar deňzi — dostluk we ylalaşyk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Mundan başga-da, ýurtda Hazar deňzinde hyzmatdaşlygy we deňiz gurşawyny goramak boýunça çäreler geçiriler.