Turkmenportal logo
11.08.25
3993639936
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen karateçileri Merkezi Aziýanyň Samarkantda geçen çempionatynda 16 medal gazandylar

2025-nji ýylyň 3-13-nji awgustynda Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde adaty karate boýunça Merkezi Aziýanyň çempionaty geçirilýär. Türkmenistanyň milli ýygyndysy dürli ýaş derejelerinde baýrakly orunlary eýelemek bilen, ýokary netijeleri görkezdi.


Ýaryşyň netijelerine görä türkmen türgenleri 9 altyn, 3 kümüş we 4 bürünç medal gazandylar. Ýaş karateçiler kata we kumite ýaly şahsy ugurlar boýunça aňrybaş üstünlikli çykyşlaryny görkezdiler.


Altyn medallary: Şamyrat Hojageldiýew (6-7 ýaş toparynda iki altyn medal), Aýlar Azadowa (10-11 ýaş), Damir Allaberdiýew (10-11 ýaş), Medine Gazakowa (12-13 ýaş), Adylşa Ataýew (14-15 ýaş), Ibragim Şagulyýew (16-17 ýaş), Nurgeldi Annagurbanow (18-21 ýaş) we Hemra Begjanow (18-20 ýaş) gazandylar.


Kümüş medallara Aýlar Ilhanowa (10-11 ýaş toparynda iki baýrak) we Selim Myratdurdyýew (21-25 ýaş) mynasyp boldular. Bürünç medallara Mähri Sähedowa (12-13 ýaş), Süleýman Röwşenow (12-13 ýaş), Soltanşa Atanyýazow (16-17 ýaş) we Serdar Baýryýew (16-17 ýaş) eýe boldular.


Çempionata sebitiň 5 döwletinden takmynan 500 türgen gatnaşdy. Bu ýaryşa Türkmenistandan Aşgabadyň, Ahal we Daşoguz welaýatlarynyň mekdepleriniň okuwçylary, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gatnaşdylar.