Türkmenistanyň «Ahal» futbol kluby 13-nji awgustda daşary ýurtda Täjigistanyň «Regar-TadAZ» kluby bilen 2025/26 möwsüminiň AFK-2 Çempionlar ligasynyň deslapky tapgyrynda duşuşar.
Duşuşyk Tursunzade şäherinde «TALKO Arena» stadionynda geçiriler we ol Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da başlanar. Garşydaşyny ýeňmegi başaran klub AFK-2 Çempionlar ligasynyň toparçalaýyn tapgyryna geçmäge hukuk gazanar, ýeňlen klub bolsa AFK-nyň Çagyryş ligasynyň toparçalaýyn tapgyrynda çykyş etmegi dowam etdirer.
Welsähet Öwezowуň topary ýaňy-ýakynda Duşenbe şäherine geldi we öňde boljak duşuşyga güýçli taýýarlyk görýär.
«Häzirki wagtda «Ahal» futbol kluby Duşenbe şäherinde «Regar-TadAZ» futbol kluby bilen öňde duran duşuşyk üçin depginli türgenleşiklere başlady» — diýip, «Ahal» klubynyň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.
Täjigistana gitmezden ozal «Ahal» Türkmenistan çempionatynyň duşuşygynda «Nebitçini» 2:0 hasaby bilen ýeňdi.
