Turkmenportal logo
07.08.25
5335653356
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Alymlar 8-nji awgustda soňky iki aýyň içindäki iň güýçli magnit tupanynyň boljakdygy barada duýdurdylar

8-nji awgustda Ýerde güýçli magnit tupany bolup geçer, bu soňky iki aýyň dowamynda ýüze çykjak iň güýçli geoma­gnit hadysasy bolar — diýip, alymlar habar berýärler. Bu barada MIR24 habar berýär.


Alymlaryň bellemeklerine görä, geoma­gnit täsir etmeleriniň güýçlenmesiniň sebäbiniň ýokary tizlikli plazma buludynyň ýadrosy bolar, ol Ýere ýetip, planetanyň magnit meýdanynda düýpli üýtgeşmelere sebäp bolar. Kompýuter modelleri plazmanyň Ýeriň üstünden geçjekdigini we magnit meýdanyna täsir ýetirjekdigini tassyklaýar.


Magnit tupanlary hemra ulgamlaryna, aragatnaşyk we nawigasiýa ulgamlaryna, şeýle hem howanyň täsirine duýgur adamlaryň saglygyna täsir edip biler. Bilermenler tehniki ulgamlarda mümkin bolan näsazlyklara taýýar bolmagy maslahat berýärler.