Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň diplomatlary Aşgabatda ýaşaýan Beýik Watançylyk urşunyň weterany Şamoniýa Karakozowanyň ýanyna myhmançylyga bardylar we ony 98 ýaş toýy bilen gutladylar — diýip, RF-nyň ilçihanasynyň metbugat gullugy habar berýär.
Metbugat gullugynyň maglumatyna görä, uruş ýyllarynda Karakozowa öz deň-duşlary bilen bilelikde hassahanada zähmet çekip, ýaralanan esgerleriň sagalmagyna kömek edipdir. Uruşdan soň bolsa ol lukmançylyk institutyny tamamlap, köp ýyllaryň dowamynda lukman bolup işläpdir. Uzak ýyllaryň dowamynda döwletiň öňünde bitiren hyzmatlary üçin oňa zähmet weterany diýen hormatly at berlipdir.
«Ilçihananyň ähli işgärleriniň adyndan Şamoniýa Mihaýlowna uzak ömür, maşgala abadançylygyny we berk jan saglygyny arzuw edýäris» — diýlip, ilçihananyň beýanatynda aýdylýar.
