Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry täze teatr möwsümine taýýarlyk görýär. Teatrda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gowşutgeldi Daňatarowyň pýesasynyň esasynda goýuljak «Şirak» atly spektaklyň premýerasyna taýýarlyk görülýär.
Bu sahna eseriniň esasy mazmuny halkyny basybalyjylardan goramak üçin özüni gurban eden batyr çopan Şirak baradaky rowaýata esaslanýar – diýip, «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Rowaýata görä, Eýranyň şasy Darýi I uly goşun bilen täze ýurtlary basyp almak üçin ýörişe çykýar. Şirak öz bedenine bilgeşleýin şikes ýetiren ýagdaýda duşman leşgeri bilen ýüzbe-ýüz bolýar we olary öz ildeşleri tarapyndan ezilendigini ynandyrýar. Şeýlelikde, ol ar almak isleýändigini aýdyp, goşunyň ýol görkezijisi bolup çykyş edýär. Eýranyň şasy ony «dönük adam» hasaplap, Şiraga ynanýar we leşgerini suwsuz çölüň merkezine tarap äkidýär, ol ýerde duşmanyň goşuny suwsuzlykdan heläk bolup başlaýar. Bu edilen hyýanatyň üsti açylýar we Şirak eden işi üçin jezadan gaçyp, halas bolup bilmeýär, emma onuň edermenligi halkyny gulçulykdan halas edýär.
Spektaklyň režissýory Guwanç Baýmedow şeýle diýýär:
«Bu örän dramatiki eser. Biziň maksadymyz — baş gahrymanyň çäksiz watansöýüjiligini tomaşaça ýetirmekdir. Şiragyň gynançly ykbalynyň tutuş çynlakaýlygyny beýan etmek üçin men sahna goýuluşynda hory we rowaýatçynyň keşbini hem girizmegi makul bildim».
Eserde köpçülikleýin sahnalar hem kän, emma esasy wakalar iki gahrymanyň — Eýranyň şasy Darýi, ony Türkmenistanyň at gazanan artisti Babadurdy Babaýew ýerine ýetirýär, çopan Şiragyň keşbinde ýaş artist Begli Dowlyýew çykyş edýär.
Spektaklyň premýerasy tomaşaçylara sentýabrda ýetiriler we ol Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününe bagyşlanar.
