Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin gelen Eswatininiň Patyşasy Mswati III bilen duşuşdy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň döwlet Baştutany belent mertebeli myhmany mübärekläp, bu halkara maslahata gatnaşmaga çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi hem-de her on ýyldan bir gezek geçirilýän bu möhüm çärä Eswatini Patyşalygynyň ýokary derejeli wekiliýetiniň gatnaşmagynyň ähmiýetini belledi.
Eswatininiň Patyşasy mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, forumyň ýokary guramaçylyk derejesini belledi we Türkmenistanyň şeýle möhüm çäräni geçirmeginiň onuň halkara giňişlikdäki uly abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy. Şeýle-de belent mertebeli myhman pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň wise-başlyklygyna biragyzdan saýlanyp, bu wezipäni abraý bilen ýerine ýetirýändigi üçin gutlaglaryny beýan etdi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen Bitaraplyk hukuk derejesi esasynda daşary ýurt döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýandygyny, şunda beýleki döwletler bilen bir hatarda, Afrika ýurtlary bilen gatnaşyklara-da aýratyn üns berýändigini belledi. Dostlukly ýurduň Patyşasynyň saparynyň çäklerinde Türkmenistan bilen Eswatini Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Teswirnama gol çekilmegi hem muňa aýdyň şaýatlyk edýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň diňe bir ikitaraplaýyn derejede däl-de, eýsem, abraýly halkara düzümleriň, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklap, iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Döwlet Baştutany maslahatyň çäklerinde belent mertebeli myhmanyň Türkmenistan barada, hususan-da, energetika ulgamynda ýetilen sepgitler, ýurduň tebigy baýlyklary, eksport kuwwaty hakynda baý maglumatlary edinmek mümkinçiliginiň boljakdygyny belledi hem-de Türkmenistanyň Eswatini Patyşalygy bilen gatnaşyklary ösdürmek boýunça netijeli başlangyçlary we teklipleri goldamaga taýýardygyny nygtady.
Taraplar iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin berk binýady döretjekdigine, Türkmenistan bilen Eswatininiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň iki ýurduň halklaryny ýakynlaşdyrmaga ýardam berjekdigine, parahatçylygy we durnuklylygy ösdürmäge goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
