«Täze Aý» brendi bilen çykyş edýän önümçilik birleşigi diňe şöhlat, konditer we süýt önümleriniň öndürmek bilen çäklenmän, önümçiligiň başlangyç tapgyry bolan maldarçylyk ugruna hem aýratyn üns berýär. Kompaniýanyň öz fermalary Halal standartlaryna laýyklykda öndürilýän et önümleri üçin ýokary hilli çig mallar bilen üpjün edýär.
Mallaryň saklanyşy we idegi
«Täze Aý» kompaniýasynyň fermalarynda mallaryň saklanmagy üçin örän amatly şertler döredilendir: giň, häzirki zaman howa çalşygy bolan ammarlar, yzygiderli sanitariýa-arassalaýyş işleri, mallaryň saglyk ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik. Mallaryň saklanyşy haýwanlaryň bütindünýä abadançylyk standartlaryna laýyklykda alnyp barylýar. Bu bolsa diňe bir mallaryň rahatlygy bilen bir hatarda olardan alynýan etiň ýokary hilini hem kepillendirýär.
- Iýmitlendiriş: Mallara tebigy iýmitlerden düzülen deňagramly iýmitler berilýär. Gadagan edilen goşundylaryň bolmazlygy Halal standartlarynyň talaplaryna laýyk gelýär we mallaryň sagdyn ösmegine ýardam edýär.
- Weterinar gözegçiligi: Yzygiderli weterinar barlaglary, sanjym etme işleri we hemmetaraplaýyn öňüni alyş çäreleriniň görülmegi mallaryň saglygyny ýokary derejede üpjün etmeklige kömek edýär.
- Adamkärçilikli çemeleşme: «Täze Aý» kompaniýasynyň fermalarynda elmydama maldarçylygyň jogapkärli ýörelgelerine eýerilýär, mallaryň stress derejesini önümçiligiň ähli tapgyrlarynda ep-esli azaltmaga ýörite üns berilýär.
Fermadan önümçilige çenli
Öz mallaryndan alynýan et gaýtadan işlenilýän önümçilige ugradylmazdan ozal berk hil barlagyndan geçirilýär. Bu kompaniýanyň şöhlat önümleriniň howpsuzlygyny we tagam aýratynlygyny kepillendirmäge mümkinçilik berýär.
«Biziň üçin önümçiligiň her tapgyry — mallaryň ösdürilip ýetişdirilmeginden başlap, taýýar önümiň çykarylmagyna çenli — iň ýokary standartlara laýyk bolmalydyr. Şu ýörelge müşderileriň bize bolan ynamynyň esasydyr» – diýip, «Täze Aý» kompaniýasynyň wekilleri belleýärler.
«Täze Aý» kompaniýasy öz fermasynyň bolmagy hem-de ISO 22000:2018 we ISO 9001:2015 halkara standartlaryna berk eýermegi arkaly önümçiligiň ähli tapgyrlarynda hil hakynda alada edýän öndüriji hökmünde öz abraýyny tassyklamagyny dowam etdirýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Telefon: +993 61 343076
E-poçta: gadam.shirliyev@mail.ru
Salgysy: Türkmenistan, Mary welaýaty, Mary etraby, «Täze oba» daýhan birleşigi
