Turkmenportal logo
05.08.25
2682326823
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda ulag pudagyndaky hyzmatdaşlygyň meseleleri maslahatlaşyldy

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde ulag pudagyndaky hyzmatdaşlyga bagyşlanan türkmen-özbek gepleşikleri geçirildi. Oňa Türkmenistanyň awtomobil ulaglary ministri Begenç Annadurdyýew, Türkmenistanyň demir ýol ulaglary ministri Mämmet Akmämmedow hem-de Özbegistanyň ulag ministri Ilhom Mahkamow gatnaşdylar. Bu barada Özbegistanyň Ulag ministrliginiň metbugat gullugy habar berdi.


Taraplar awtomobil we demir ýol gatnawlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem Türkmenistanyň deňiz portlaryny peýdalanmak arkaly halkara multimodal ulag geçelgelerini ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.


Ýeri gelende ýatlatsak, mundan ozal Awazada Türkmenistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň arasynda duşuşyk geçirilendigini habar beripdik.