Şu gün Awazada Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Täjigistanyň Prezidentiniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň köp sanly meseleleri, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Täjigistanyň döwlet Baştutany: «Biz Türkmenistan bilen gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýäris» diýip belledi.
Söwda-ykdysady, oba hojalygy, senagat, nebithimiýa, ulag-aragatnaşyk we maýa goýum ulgamlarynda hyzmatdaşlygy meselelerine aýratyn üns berildi.
Özara söwda dolanyşygyny artdyrmak maksady bilen, ýurtlaryň arasynda 2026 — 2028-nji ýyllary üçin «Ýol kartasyny» işläp düzmek we durmuşa geçirmek teklip edildi.
Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde hökümetara toparyň mümkinçiliklerini işjeň peýdalanmak barada hem durlup geçildi.
Şeýle-de paýtagtlaryň arasynda yzygiderli howa gatnawlaryny ýola goýmagyň häzirki wagtda hem möhüm mesele bolup galýandygy bellenildi.
Taraplar saglygy goraýyş, bilim, medeniýet, ýaşlar syýasaty we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.
Sebitleýin we halkara hyzmatdaşlyk bilen baglylykda, taraplar Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleri, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde özara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar.
