Turkmenportal logo
05.08.25
4113141131
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Awazada «Türkmenistan — Özbegistan — Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi
Surat: president.uz

Şu gün Awazada geçirilen BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde «Türkmenistan — Özbegistan — Azerbaýjan» formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşyk geçirildi.


Özbek Lideriniň Metbugat gullugynyň habar bermegine görä, duşuşyga Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Azerbaýjanyň Premýer-ministri Ali Asadow gatnaşdylar.



Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli sebitleýin hyzmatdaşlygy giňeltmek we bilelikdäki taslamalary öňe sürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


Hyzmatdaşlyk üçin mümkinçilikler, ilkinji nobatda, energiýa, ulag-logistika, senagat we oba hojalygy ugurlarynda baý mümkinçilikleriň bardygy bellendi.


Gepleşikleriň ahyrynda amaly hyzmatdaşlygyň geljegi uly taslamalaryny ösdürmek üçin şeýle formatdaky duşuşyklary dowam etdirmek barada ylalaşyk gazanyldy.