Döwletli Çynar hususy kärhanasy dünýäniň öňdebaryjy klinikalary bilen gatnaşygy ýola goýup, ýokary hilli lukmançylyk kömegini almakda türkmen raýatlaryna goldaw berýär.
Esasy hyzmaty — Türkmenistanda geçirilen seljermeleriň netijelerini daşary ýurt lukmançylyk merkezlerine iberip, halkara derejeli hünärmenleriň pikirini almakdyr. Munuň özi, ýurdumyzy terk etmezden, dünýä belli lukmanlar bilen maslahatlaşmaga giň mümkinçilikleri berýär.
Kompaniýa Germaniýanyň, Türkiýäniň, Hindistanyň we Eýranyň öňdebaryjy klinikalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Esasan hem nemes we türk lukmançylyk merkezlerine uly ähmiýet berilýär. Bu merkezlerde hassalar üçin hyzmatlaryň doly görnüşi hödürlenýär: bejergini guramak, ýaşaýyş ýeri hem-de ulag hyzmatlary bilen üpjün etmek.
Aýratyn hyzmatlaryň biri — daşary ýurtly lukmanlary Türkmenistana çagyrmakdyr. Müşderiniň haýyşynyň esasynda ýokary derejeli hünärmenler ýurdumyza gelip, ýerinde degerli maslahatlary berýärler we bejeriş çärelerini geçirýärler. Bu bolsa daşary ýurtlara gitmäge mümkinçiligi çäkli bolan raýatlarymyz üçin aýratyn amatlydyr.
Toplumlaýyn çemeleşme we halkara hyzmatdaşlygy Döwletli Çynar kärhanasyny Türkmenistanda lukmançylyk syýahatçylygynyň ösmeginde möhüm orun eýeleýän edaralaryň birine öwürýär.
Habarlaşmak üçin maglumatlar:
Salgysy: Mary şäheri, Bagtyýarlyk köçesi 52A (ozalky Atabaýew köçesi), Ojar Aziýa binasy, 1-nji gat;
Telefon belgileri: (+993 65) 65 85 65, (+993 63) 22 56 00, (+993 64) 40 54 46, 8 (522) 7 00 85;
Sosial ulgamdaky sahypasy.
