«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçirilýän Ýaşlar forumynyň barşynda «Landlinked» sergisiniň açylyşy we «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalaryna baýraklary gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.
Bellenilişi ýaly, sergide ýaşlaryň arasynda sanly telekeçiligi goldamaga gönükdirilen innowasion çözgütler görkezilýär. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş işewürler öz ýurtlarynda duş gelýän möhüm meseleleri çözmäge ýardam berýän taslamalary bilen tanyşdyrýarlar. «Landlinked Fellowship» maksatnamasynyň agzalary taýýarlan işlerinde sanly tehnologiýalaryň işewürligi ösdürmek hem-de täze iş orunlaryny döretmek üçin netijeli gural bolup durýandygyna ünsi çekýärler. Ýaş startapçylar interneti we sanly platformalary ulanmak arkaly, geografik hem-de ykdysady päsgelçiliklere garamazdan, halkara bazarlara çykmagyň ýollary barada gyzykly wideoşekilleri taýýarlapdyrlar.
Bu sergi pikir we tejribe alyşmak, şeýle hem DÇBÖBD-de sanly telekeçiligi ösdürmäge ýardam berjek bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamak üçin netijeli meýdança bolar.
Forumda ýaş telekeçiler özleriniň seljerme makalalary bilen tanyşdyrdylar. Ýaşlar forumy DÇBÖBD-de ýaşlar telekeçiligini ösdürmek bilen baglanyşykly derwaýys meseleleri we ýaşlaryň öňünde açylýan mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup durýar.
Dürli sebitlere wekilçilik edýän ýaş telekeçiler ösüp barýan ýurtlarda iş gurşawyna täsir edýän esasy ugurlar boýunça ylmy işlerini taýýarladylar. Olaryň işi bazaryň ösüş tapgyrlaryny we innowasion iş modellerini seljermekden başlap, döwletleriň alyp barýan syýasatlarynyň ýaşlaryň telekeçiligine edýän täsirini öwrenmäge çenli ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Bu makalalar diňe bir ýaş telekeçileriň öz ýurtlaryndaky ýagdaýlary görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, iş gurşawyny gowulandyrmak üçin anyk teklipleri hem hödürleýär.
Forum ýaş telekeçilere tejribe alyşmaga hem-de halkara guramalaryň wekilleri, maýadarlar we bilermenler bilen gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik berer.
Ýaş telekeçiler diňe bir öz ylmy işlerini tanyşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, pikirlerini we taslamalaryny durmuşa geçirmäge ýardam berjek degişli goldawy hem alarlar. Ýaşlaryň ykdysady we durnukly ösüşiň hereketlendirijisi hökmünde mümkinçiligini görkezmek bu tanyşdyrylyşyň esasy maksadydyr. Foruma gatnaşyjylar ýaş telekeçileri goldamagyň täze iş orunlaryny döretmäge, jemgyýetiň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we ösdürmäge mümkinçilik döretjekdigini bellediler.
Ýaş telekeçileriň seljerme çykyşlarynda inklýuziw ösüşi gazanmaga we DÇBÖBD-niň dünýä ykdysadyýetinde eýeleýän ornuny pugtalandyrmaga gönükdirilen anyk pikirler beýan edilýär. Bu çäre röwşen geljegi gurmakda ýaşlaryň eýeleýän möhüm ornuna ünsi çekip, olaryň pikirlerine we başlangyçlaryna maýa goýmagyň tutuş halklaryň gülläp ösüşine ýardam berýändigini görkezýär.
Awazada düýn başlanan Ýaşlar forumy şu gün öz işini ýaşuly we ýaş nesliň arasyndaky dialog, şeýle hem «Ösüşi höweslendirmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde durnukly ykdysadyýet üçin sanly ösüş ulgamynda ýaşlaryň ýolbaşçylygyndaky innowasiýalar» hem-de «Hukuklary we özgerişlikleriň mümkinçiliklerini giňeltmek — deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde howanyň üýtgemegine garşy göreşde ýaşlaryň orny» atly bölümçeler bilen dowam edýär.
